× Baş sahypa Biz Barada Hyzmatlar Habarlaşmak
TM RU EN

Durnuklylyk, hil we ygtybarlylyk.

“Döwletli zähmet” – Siziň ygtybarly işewür hyzmatdaşyňyz.

Habarlaşmak Hyzmatlarymyz

DÖWLETLI ZÄHMET barada

Köp ugurly “Döwletli zähmet” Hojalyk Jemgyýeti 2016-njy ýylda döredildi.
Işimizi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we Ösüş Ministrliginde hasaba almak bilen başlap, 2016-njy ýylyň noýabr aýyndan şu güne çenli şu aşakdakylary amala aşyryp gelýäris:

Kompaniýamyzyň hyzmatlary, çig mallaryň, çalgy ýagynyň we enjamlaryň ähli görnüşlerini öz içine alýar.

Nebit we gaz pudagynda yzygiderli iş akyma we baý tejribä eýe bolmak bilen, diňe wagt synagdan geçen üpjün edijiler bilen işleşýäris.

Kompaniýamyzyň wezipesi

Siziň işiňiziň geljegini alada edip peýdaly çözgütleri oýlap tapýarys we durmuşa geçirýäris we netijede nebit we gaz pudagyny gowylyga tarap özgertmäge ýardam berýäris.

Gymmatlyklarymyz

Işlerimizde, elmydama belli bir guramanyň işiniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, size aýratyn täjirçilik teklibini taýýarlaýarys.

BIZNES
UGURLAR

NEBIT WE GAZ SENATY

Nebit we gaz pudagyndaky enjamlar, yzygiderli tehniki hyzmaty talap edýär, bu işleriň netijeli alnyp barylmagyny üpjün etmek üçin zerurdyr.

ÇALGY ÝAGLARY

“Taslama görä” islendik çylşyrymly işleriň jogapkärçiligi biz öz üstümize alýarys. Biziň hasabymyzda eýýäm “Shell”, “Mobil” we “Petronas” ýaly dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden çalgy ýaglarynyň üpjünçiligi boýunça gutarnykly işlerimiz bar.

GURLUŞYK

“Döwletli zähmet” Hojalyk Jemgyýeti prosessiň gidişine we taslamalara gözegçilik etmek bilen senagat we raýat maksatly binalaryň we desgalaryň doly gerimini öz üstüne alýar.

KLIMAT GÖZEGÇILIGI

Binada howa çalşygy hökmanydyr. Binanyň ýerleşişine we gurulan senesine garamazdan berk berjaý edilmeli mikroklimat standartlary bar.

ENJAMLARYŇ IMPORTY

“Döwletli zähmet” Hojalyk Jemgyýeti üpjünçilik we gümrük resminamalarynyň inçeliklerine düşünýär. Biziň daşary ýurt logistikasynda we daşary ykdysady amallary boýunça baý tejribämiz bar.

“DOLY GURLUŞYK” PROEKTLERI

Biz islendik maksatlara niýetlenen "taslama üçin" enjamlary import edýäris we şol bir wagtyň özünde, getirilýän enjamlaryň, işiň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, bildirilýän talaplara laýyklygy gözöňüne tutýarys.

MAKSATA ÝETMEGIŇ TAPGYRLARY

01

Zayawkany kabul etmek

02

Sargydy Hasaba almak

03

Enjam üpjünçiligi

04

Gurnamak we tabşyrmak

Biziň toparymyz tejribeli hünärmenlerden ybarat. Biziň üçin olar esasy maýamyz.

Diňe ýokary hünärli hünärmenleri işe çekmek bilen, biz umumy bir maksada hyzmat edýäris – ýokary hili hyzmatlary üpjün etmek. Biz ynamly yglan edýäris – biz taslamalary ýokary derejede, ýokary hilli we öz wagtynda amala aşyryp bilýäris.

Yzygiderli ösýän kompaniýamyz, hünärmenleriniň kämilligine uly üns berýär .
Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen uzakdan aragatnaşyk saklap, personalymyz üçin ulgamlaýyn okuw programmalaryny ornaşdyrýarys we her bir işgärimiziň ösüşi we kämilligi üçin elmydama alada edýäris.
Hünär başarnyklary artdyrýan treningleri geçirmek bilen, işimizde her bir edilýän hyzmatyň netijeliligini artdyrýarys.Treninglerden geçilenden soň, işgärlerimiz dessine alan bilimlerini tejribede ulanýarlar, gündelik işinde, umumy maksada ýetmek üçin – bazarda kompaniýamyzyň ornuny berkitmek.

Artykmaç çykdajylaryň we ýalňyşlyklaryň öňüni almak üçin biziň hünärmenlerimiz bilen maslahatlaşyň. Siziň ýer meýdanyňyzda gurluşyk mümkinçiliklerine giňişleýin baha bereris we taslama işleri başlamazyndan ozal gurluşyk çykdajylaryny kesgitläris.

Biziň hyzmatdaşlarymyz

Ашхабад Ашхабад — Яндекс.Карты

Copyright © Dowletli Zahmet 2021 | Designed by Caspy